Türkmen samboçylary GDA-nyň II oýunlarynda 2 sany bürünç medal gazandylar

  • 13.08.2023 16:09
  • 14k+

Belarusda geçirilýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda sambo boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň wekilleri Batyr Hojamuhammedow we Madina Aýdogdyýewa bürünç medal gazandylar. Bu barada Belta habarlar agentligi habar berýär.

12-nji awgustda geçirilen sambo boýunça ýaryşlarda Batyr Hojamuhammedow 98 kg-dan ýokary agram derejede çykyş edip, bürünç medala eýe bolmagy başardy. Bu agram derejede özbegistanly Nurbe Turaýew altyn, russiýaly Stepan Soldatenkow kümüş medal aldy. Ýene bir bürünç medaly belarusly Dmitriý Hohlow aldy.
Madina Aýdogdyýewa bolsa 59 kg-a çenli agram derejesinde bürünç medal aldy. Bu agram derejede russiýaly Swetlana Uwarowa altyn, belarusly Tatýano Masko kümüş medal aldy. Ýene bir bürünç medaly özbegistanly Ibodathon Agojonowa aldy.


24.04.2025 23:24
2.9k+

Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy

Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär...

15.02.2025 08:42
7.3k+

Türkmen samboçylary Belarusda geçen halkara ýaryşda 13 medal aldylar

Türkmen samboçylary Minskde geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky XXIX halkara ýaryşynda 13 medal gazandylar. Olaryň hasabynda - 1 altyn, 4 kümüş we 8 bürünç medal bar. Bäsleşige 9 döwletden...

16.02.2024 11:23
7.9k+

Türkmen samboçylar Minskide halkara ýaryşda 15 medal gazandylar

Minskide geçirilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýraklary ugrunda XXVIII halkara ýaryşynda türkmen samboçylary 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç, jemi 15 medal eýelediler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr"...

28.01.2024 13:50
6k+

Belorussiýaly Arina Sobolenko Australian Open – 2024-de ýeňiji boldy

Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär. Oýun Sobolenkonyň peýdasyna...