Eýranyň Ýokary lideri Raisini Eýranyň prezidenti hökmünde tassyklady

  • 04.08.2021 20:39
  • 7.3k+

Eýranyň Ýokary lideri aýatolla Ali Hamenei 3-nji awgustda sişenbe güni prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Ibrahim Raisä prezident mandatyny gowşuryp, ony Eýranyň prezidenti diýip tassyklady. Bu barada “Tehran Times” gazeti habar berýär diýip, interfax.az belläp geçýär.

“Men tejribeli, tutanýerli, başarjaň, meşhur alym Hujat al-Islam wal-Muslimin Saýid Ibrahim Raisiniň ýeňşini goldaýaryn we ony Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti edip belleýärin” – diýlip, Ýokary lideriň saýtynda ýerleşdirilen Hameneiniň beýanynda aýdylýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Raisini tassyklamak dabarasy saglygy goraýyş pudagyndaky teswirnamalara laýyklykda geçirildi. Şol bir wagtyň özünde sebitleýin KHBS tassyklama dabarasynyň – “tanfiziň” (parsça “tassyklama”) prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy däldigini bellediler.
Raisiniň Eýranyň Parlamentinde – Mejlisinde kasam kabul ediş dabarasy 5-nji awgustda ýerli wagt boýunça 17:00-da geçiriler. 
Eýranyň Mejlisiniň prezidiumynyň wekili Nezam ad-Din Musawiniň aýtmagyna görä, kasam kabul ediş dabarasyna 73 döwletden 115 wekil gatnaşar. Ol dabara 10 prezidentiň, 20 parlament spikeriniň, 11 DIM-niň, 10 beýleki ministriň, prezidentiň wekilleriniň, şeýle-de parlament wekiliýetleriniň geljekdigini aýdyňlaşdyrdy. 
Eýranda prezident saýlawlary 18-nji iýunda geçirildi. Onda Ibrahim Raisi ýeňiş gazandy.


21.04.2026 22:16
6.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...