Raisi Eýranyň Prezidenti wezipesine saýlandy

  • 19.06.2021 20:14
  • 17k+

17,9 mln ses alan Ebrahim Raisi Eýranyň prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip resmi taýdan yglan edildi. Bu barada şenbe güni Eýranyň Içeri işler ministri Abdolrezy Rahmani Fazli mälim etdi diýip, TASS belleýär.

Prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň umumy gatnaşygy 48,8% boldy, jemi 28,9 mln adam ses berdi.

“13-nji prezident saýlawlaryna gatnaşan 28 933 004 adamdan 17 926 345-si Ebrahim Raisä ses berdi” – diýip, ol aýtdy we gatnaşygyň 48,8% bolandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şeýlelik bilen, bu görkeziji Eýranyň häzirki zaman taryhynda rekord derejede pes boldy. Ministriň çykyşy döwlet telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berildi.

Onuň aýtmagyna görä, kabul edilýän kararlaryň maksadalaýyklygy boýunça Geňeşiň sekretary Mohsen Rezai 3 412 712 ses, Eýranyň Merkezi bankynyň ozalky ýolbaşçysy Abdolnaser Hemmati 2 427 201 ses, Mejlisiň (parlament) başlygynyň orunbasary Amir Hoseýn Kazizade Haşemi 999 718 ses aldy. 
Häzirki prezident Hasan Rouhani bu wezipäni yzygiderli iki möhlet eýeländigi üçin, saýlawlara gatnaşmady. Saýlawlara jemi ýedi dalaşgär kabul edildi, ýöne olaryň üçüsi saýlaw kampaniýasynyň soňky gününde gatnaşmakdan boýun gaçyrdy.
Eýranyň prezidenti ählumumy ses berme bilen dört ýyl möhlete saýlanýar we ol bu wezipäni yzygiderli iki möhletden artyk eýeläp bilýär. 


08.09.2025 22:48
5.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Eýrana baryp, demir ýol ulaglary boýunça taslamalary maslahatlaşdy

6-8-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýrana iş saparyny amala aşyrdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri F...

26.08.2025 16:31
9.4k+

Inga Ruginene Litwanyň täze premýer-ministri boldy

Litwanyň parlamenti Inga Rugineneni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady. Bu barada Litwanyň radiosy we telewideniýesi (LRT) habar berdi. Ses berişlik açyk ýagdaýda geçirildi. Litwanyň sosial-demokratik partiýasynyň 44 ýaşly wekiliniň dalaşgärligini parlamentiň 127 deputatynyň 78-isi goldady, 35-isi garşy çykdy, 14-üsi saklandy...

07.08.2025 22:52
8.5k+

Raşid Meredow Awazada Kataryň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Awstriýanyň we UNIDO-nyň wekiliýetleri bilen duşuşdy

6-njy awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi...

07.08.2025 13:36
11k+

Eýran milli puluny denominasiýa etmegi we rialdan dört noly aýyrmagy meýilleşdirýär

Eýranyň mejlisi milli walýutanyň denominasiýasy baradaky kanunyň taslamasyna sereder. Rialdan dört noly aýyrmak meýilleşdirilýär, walýutanyň ady öňküligine galar. Şondan soň täze bir riallyk köne 10 000 bilen deň bolar...