Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda «PSŽ» «Lill-den» ýeňildi

  • 02.08.2021 11:50
  • 8.1k+

«Lill» Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda «PSŽ-ni»  ýeňdi. Duşuşyk Tel-Awiwdäki «Bloomfild» stadionynda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 45-nji minudynda ýeke-täk pökgini «Lilliň» portugaliýaly ýarymgoragçysy Şeka tora girizdi.
Tomusda «Interden» «Pari Sen Žermene» geçen goragçy Aşraf Hakimi we «Liwerpuldan» geçen ýarymgoragçy Jorjinýo Weýnaldum klubda ilkinji çykyşyny etdiler. Kluba täze gelen goragçy Serhio Ramos we derwezeban Janluiji Donnarumma, şeýle hem hüjümçiler Neýmar we Kilian Mbappe oýun üçin sanawa girizilmediler.
«Lill» Fransiýanyň Superkubogyny ilkinji gezek aldy. Ondan öň klub kubok ugrundaky oýunlarda iki gezek — 1955 we 2011-nji ýyllarda oýnady. Klub 2020/21 möwsüminde Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazanyp, Superkubokda oýnamak hukugyny gazandy. «Lill» iň soňky gezek 2010/11 möwsüminde fransuz çempionatynda ýeňiji bolupdy.
«PSŽ» Fransiýanyň Superkubogynyň 10 gezek ýeňijisidir, bu rekord görkeziji. Pariž kluby 2013-2020-nji ýyllar aralygynda kuboklary gazanypdy.


şu gün 14:15
3.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......