Tomsuň «kiçi çillesiniň» hökümi haçana çenlikä?!

  • 02.08.2021 20:19
  • 14k+

Türkmen tomsy üçin adaty bolmadyk maýyl hepdeden soň, ülkämize yssy howa ýene-de dolanyp gelýär. Meteorologlaryň çaklamalaryna görä, ýurdumyzyň käbir sebitlerinde howanyň derejesi +43... +45 gradusa çenli gyzyp biler. Şeýle-de bolsa, TmCars.info salkyn günleriň o diýen uzakda däldigini ildeşlerimize ýatladyp, tomus paslynyň bu möwsümi barada ylmy maglumatlar esasynda taýýarlanan materialyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Häzir türkmenleriň milli ýyldyz senenamasynyň Üçýyldyz döwri dowam edýär. Bu döwür, astronomiýadan belli bolşy ýaly, Orion ýyldyz toparyna degişli bolan üç sany ýyldyzyň üç tirkeş bolup gündogar gözýetimde, Aralyk ýyldyzynyň aşak ýanynda görünmegi bilen başlanýar.
Akmaýa ýolunyň ugrunda ýerleşýän Üçýyldyzyň dogýan wagty iýul aýynyň 22-sine gabat gelýär. «Üçýyldyz» dogýan wagty gijeler az-kem uzap, ýurdumyzda gündiziň uzynlygy 14 sagat 24 minuda barabar bolýar. Soňra ol gün geçdigisaýyn gysgalyp başlasa-da, yssy günler dowam edýär. Şonuň üçin könelerimiz bu döwri «Tomsuň kiçi çillesi» diýip atlandyrypdyrlar. Çarwalar bolsa bu döwre «Saryja tomus» hem diýýärler.
Il arasynda «Üçýyldyzda tün (gije) sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen söz bar. Şundan görnüşi ýaly, Üçýyldyz dogandan soň, gijelerine salkynlyk aralaşmaly we Ýaldyrak dogandan soň, gündizine-de salkyn bolmaly. Diýmek, salkyn günlerem o diýen uzakda däl.
Ylmy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Üçýyldyz döwründe Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň hem-de Owganystanyň howa görkezijilerinde, köplenç, açyk we gurak howalar bolup, gündizine howanyň derejesi 40-46 gradusa çenli ýokary galýar. Gijesine bolsa bulutsyz howada ýer üstüniň intensiw sowamagy netijesinde, gyzgynlyk peselýär, hatda çägeleriň üstünde çyg hem emele gelýär.
Oba hojalygynda bu döwür...
Bu döwürde ekiş geçirilmän, ýetişdirilen hasyl ýygnalýar, mallar üçin ot-iým taýýarlanylýar. Daýhanlaryň arasynda muňa degişli «Eset — bes et» diýen nakyl bar. Bu nakyl Eset aýynda (şemsi aý hasaby boýunça iýul-awgust) ekin ekmegi bes etmelidigini görkezýär. Esetde we ondan soňky aýlarda ekilen ak ekinleriň ekinleriň hasyly bişip ýetişmeýär.
Üçýyldyzda howanyň şeýle yssy bolmagy, ynsanlar üçin oňaýsyzrak bolsa-da, biziň güneşe baý ýurdumyzda birnäçe ekinlere özüniň peýdaly täsirini ýetirýär. Ol gowaçanyň hasyl toplaýan döwrüne hem gabat gelýär. Yssy günler onuň pagtasynyň süýüminiň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Gawun-garpyz, üzüm ýaly önümleriň bolsa baly goýalyp, bişip, has-da süýji tagamly bolmagyna şert döredýär. Üçýyldyz döwründe gijelerine gowy çyg düşýär. Şol çygyň hasabyna ösümlikleriň baldaklary terlenip, onuň şiresi miwesine tarap akyp başlaýar. Biýarasynda ösüp oturan waharman gawunynyň deňinden geçseň, ol ses edip ýarylyberer. Bu onuň kemsiz bişendiginiň alamaty. Bakjaçy daýhan soňra ol ýarylan waharmanlary sapagyndan üzüp alar-da, ilkinji ötegçilere, ýolagçylara hödür-kerem eder.
21 gün dowam edýän «Üçýyldyz» döwri soňra awgust aýynyň 12-sinde öz ornuny «Ýaldyraga» berýär. Bu döwür gündogar gözýetimde, daňdanlar, iň ýagty ýyldyz bolan «Ýaldyragyň» dogmagy bilen başlanýar. Ol 40 gün dowam edip, sentýabr aýynyň 22-sinde öz ornuny Mizana berýär. «Ýaldyrak» döwri yssy günler «Ýaldyragyň ýangyny» bilen başlanýar. Göýä, özüniň asmanda peýda bolýanyny bütin älem-jahana buşlaýan ýaly, ol özüniň ähli güýjüni «Ýaldyragyň ýangyny» diýilýän yssy, ýalynly günlere siňdirýär. Şol geçerem welin, dessine, älem-jahana salkyn howa aralaşyp başlar. Gündiz yssy, gijesine salkyn günlerde her gün säher bilen örüp, ekinlere syn etseňiz, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüňiz düşer.


16.03.2026 15:11
10k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

09.03.2026 15:25
17k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...

02.03.2026 09:55
11k+

Ygally hepde: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar...

16.02.2026 09:59
12k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...