Tokio-2020 oýunlary haýran galdyrmagyny dowam edýär

  • 26.07.2021 17:09
  • 7448
Tokio-2020 oýunlary haýran galdyrmagyny dowam edýär

Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary taryhda iň tehnologik Olimpiada bolar: robot-janköýerler, gaýtadan işlenen gadžetlerden taýýarlanan medallar, teletomaşaçylar bolsa hatda türgenleriň ýürek urşuny görüp bilerler... Ýöne Tokio Olimpiadasynda haýran galdyrýan täsinlikler diňe bular bilen tamamlanmaýar.

  • Häzirki Olimpiada sport görnüşleri boýunça rekord derejede: olaryň sany 33. Oýunlar desgalaryň 41-sinde geçiriler. Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda munuň özi görlüp-eşidilmedik waka.
  • Oýunlary ýokary guramaçylykda geçirmek üçin Ýaponiýa 15 milliard dollardan gowrak serişde sarp etdi. Ýöne onuň öwezini dolmak mümkin däl. Çünki pandemiýa sebäpli oýunlara janköýerler gatnaşdyrylmaýar. Bu bolsa onuň bähbitsiz tarapy.
  • Türgenleriň arasynda siriýaly Hend Zaza aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. 12 ýaşly gyzjagaz Oýunlaryň iň ýaş gatnaşyjysy bolar. Hend Zaza stol tennisi boýunça ýaryşlara gatnaşar.
  • Meri Hanna bolsa Tokio-2020-niň iň uly ýaşly türgenidir. Ol atçylyk sporty boýunça ýaryşlara 66 ýaşynda gatnaşar. Awstraliýaly türgen Olimpiýa oýunlaryna indi 5-nji gezek gatnaşýar.
  •  Oksana Çusowitinanyň Olimpiada 8-nji gezek gatnaşmagy bolsa sport gimnastikasy boýunça rekord görkezijidir. 46 ýaşly Çusowitina Özbegistanyň adyndan wekilçilik edýär.
  • Olimpiadada iň köp adamly topar — ABŞ. Amerikanlar Tokio Olimpiadasyna 613 türgen iberdiler.

04.09.2021 07:35
25086

Türkmen Lideri umumy okuw sapagynda Polina Gurýewanyň Olimpiýa üstünligine ýokary baha berdi

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň öňünde geçiren umumy okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler...

25.08.2021 07:34
4271

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky Paralimpiadany açyk diýip yglan etdi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky tomusky Paralimpiýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi. Açylyş dabarasy Tokionyň Milli stadionynda tomaşaçysyz geçirildi. Dabaranyň dowamynda türgenleriň ýörişi boldy. Dabaranyň...

22.08.2021 17:03
25431

Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni gowşuryldy

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýewe «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi...