Kosowanyň wekili Krasniki dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy

  • 24.07.2021 20:49
  • 7747
Kosowanyň wekili Krasniki dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy

Kosowanyň wekili Distriýa Krasniki 48 kg çenli agram kategoriýasynda dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy. Krasniki final tutluşygynda ýaponiýaly Funa Tonakini ýeňdi.

Bürünç medallara Ysraýylyň wekili Şira Rişonini ýeňen ukrainaly Darýa Beloded we portugaliýaly dzýudoçy Katarina Koştany ýeňen Mongoliýanyň wekili Uranseseg Munhbatyn mynasyp boldy. 
Ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda rus Irina Dolgowa Taýwanyň wekili Lin Çen Haodan ýeňlip çykdy. 
Krasniki 25 ýaşynda, ol Ýewropanyň çempiony (2021), şeýle-de dünýä birinjiliginiň bürünç baýrakçysydyr (2019). Onuň hasabynda Ýewropa çempionatynyň kümüş (2018) we bürünç (2020) medallary hem bar. Krasniki Kosowanyň taryhynda ikinji Olimpiýa çempiony boldy. Birinji olimpiýa çempiony 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen oýunlarda 52 kg çenli kategoriýada ýaryşyň ýeňijisi bolan dzýudoçy Malina Kelmendidir.
Medal sanawynda iki altyn we bir bürünç medal bilen Hytaýyň milli ýygyndysy öňde barýar. Ikiden bäşe çenli orunlary hasaplarynda bir altyn medal bolan Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Kosowanyň we Ekwadoryň milli ýygyndylary, altydan on bire çenli orunlary bir kümüş medal alan Belgiýanyň, Hindistanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň we Serbiýanyň toparlary paýlaşýar.


04.09.2021 07:35
25086

Türkmen Lideri umumy okuw sapagynda Polina Gurýewanyň Olimpiýa üstünligine ýokary baha berdi

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň öňünde geçiren umumy okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler...

25.08.2021 07:34
4271

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky Paralimpiadany açyk diýip yglan etdi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky tomusky Paralimpiýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi. Açylyş dabarasy Tokionyň Milli stadionynda tomaşaçysyz geçirildi. Dabaranyň dowamynda türgenleriň ýörişi boldy. Dabaranyň...

22.08.2021 17:03
25431

Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni gowşuryldy

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýewe «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi...