Tokio-2020: ýaryşda G.Babamuratowanyň ilkinji garşydaşy belli boldy

  • 24.07.2021 10:59
  • 39596
Tokio-2020: ýaryşda G.Babamuratowanyň ilkinji garşydaşy belli boldy

Gülbadam Babamuratowanyň Tokio Olimpiadasynda 52 kg agrama çenli dzýudoçylaryň ýaryşynyň birinji tapgyrynda ilkinji garşydaşy belli boldy. Türkmen türgeni Ysraýylyň ençeme gezek çempiony Gili Koen bilen duşuşar. Bu barada bije çekişlikden soň belli boldy.

30 ýaşly G.Koen 2013-2021-nji ýyllar aralygynda dürli halkara ýaryşlarynda dürli derejeli 20 medala mynasyp boldy.
Türgenleriň ikisi hem birek-birek bilen öň duşuşyp gördi. 2019-njy ýylda Tbilisiniň Gran-prisinde G.Babamuratowa G.Koen bilen çärýek finalda duşuşdy. Şol gezek ysraýylly türgen ýeňiş gazandy.


04.09.2021 07:35
25086

Türkmen Lideri umumy okuw sapagynda Polina Gurýewanyň Olimpiýa üstünligine ýokary baha berdi

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň öňünde geçiren umumy okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler...

25.08.2021 07:34
4271

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky Paralimpiadany açyk diýip yglan etdi

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Tokiodaky tomusky Paralimpiýa oýunlaryny açyk diýip yglan etdi. Açylyş dabarasy Tokionyň Milli stadionynda tomaşaçysyz geçirildi. Dabaranyň dowamynda türgenleriň ýörişi boldy. Dabaranyň...

22.08.2021 17:03
25431

Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni gowşuryldy

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewanyň ilkinji tälimçisi Ahmet Saryýewe «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi...