Dünýäniň ikinji raketkasy ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka Tokiodaky Milli stadionda geçirilen açylyş dabarasynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakdy diýip, TASS habar berýär. Dabaranyň çäginde türgenleriň ýörişi geçirildi, şondan soň Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Olimpiadany açyk diýip yglan etdi.
Parahatçylygy we jebisligi alamatlandyrýan Olimpiýa alawy häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynyň esasy dabaraly elementleriniň biridir.
Alaw estafetasyna 2020-nji ýylyň 12-nji martynda Pelaponnes ýarym adasyndaky Gadymy Olimpiýada badalga berildi, Ýaponiýanyň çäginde estafeta 25-nji martda 2011-nji ýylda weýran ediji sunamiden we AES-däki heläkçilikden zyýan çeken Fukusima prefekturasyndaky futbol türgenleşik merkezinde başlandy. Estafeta gatnaşyjylar alawy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýaponlar üçin mukaddes bolan Fudzi dagynyň, Tomiokadaky (Gumma prefekturasy) ýüpek manufakturasynyň ýanyndan göterip geçdiler. Ylgawyň bir bölegi Ikinji jahan urşy döwründe atom bombasyny başdan geçiren Hirosimo şäherindäki Parahatçylyk seýilgähinden geçdi.