Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy

  • 22.07.2021 21:22
  • 6.1k+

Meksikanyň Puebla ştatynda girelgesinde futbol toplary bilen heýkel kompozisiýalaryny görmek bolýan özboluşly ybadathana peýda boldy. Bu ybadathananyň içinde meşhur Diego Maradonanyň portretleri bilen garylan katoliki ikonalar ýerleşdirilipdir diýip, Reuters agentligine salgylanyp, REN-TW habar berýär.

Şeýle-de, ybadathananyň girelgesinde meşhur futbolçynyň Meksikanyň sombrero şlýapasynda düşen suratyny hem görmek bolýar. Maradonanyň muşdaklary ybadathanada futbolçynyň Fidel Kastro we Rim papasy Fransisk ýaly dürli abraýly adamlar bilen düşen suratlaryny ýerleşdirdiler. Ybadathanany açan Marselo Buşeniň aýtmagyna görä, bu “adamlaryň futbol hakda gürrüň edip biljek” ýeridir.
Maradona ybadat etmek däbi birnäçe ýurtlarda ýaýrady we oňa eýerijileriň sany 500 müňden gowrakdyr. Meşhur oýunçynyň hormatyna ybadathana dünýäde ilkinji gezek Argentinanyň Rosario şäherinde 1998-nji ýylda, heniz Maradona dirikä açylýar. Agentligiň bellemegine görä, Maradonanyň 1986-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynda ajaýyp çykyşyndan soň, 33 ýaşly janköýerler Alehandro Weron bilen Ernan Amesiň kellesine “Futbol ynanjyny” döretmek pikiri gelýär. 
Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Onuň ýogalmagynyň sebäbi öýkeniň çişmegine getiren ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy. 


12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

21.05.2026 13:01
8.3k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......