Sambo we sportuň ýene bäş görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girip biler

  • 22.07.2021 20:48
  • 3.9k+

Halkara Olimpiýa Komiteti alty sany halkara sport federasiýasyny ykrar etmek üçin ses berdi. Bu karar guramanyň Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçirilýän 138-nji sessiýasynda biragyzdan kabul edildi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

HOK Halkara çerliding birleşigini (ICU), Halkara muaý-taý assosiasiýalarynyň federasiýasyny (IFMA), Halkara sambo federasiýasyny (FIAS), Halkara aýsştoksport federasiýasyny (IFI), Bütindünýä kikboksing guramalarynyň assosiasiýasyny (WAKO) we Bütindünýä lakross federasiýasyny (WL) doly derejede ykrar etdi. 
Sportuň täze olimpiýa görnüşleri 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Oýunlaryň maksatnamasyna girizilip bilner. 


11.04.2025 16:52
5.3k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

24.03.2025 11:03
2.4k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...

21.03.2025 15:23
1.9k+

Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti wezipesine saýlandy

Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Kowentri HOK-nyň Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde gizlin ses...

20.03.2025 17:57
3.7k+

Tomas Bah Halkara Olimpiýa Komitetiniň ömürlik hormatly prezidenti diýlip yglan ediler

Halkara Olimpiýa komiteti Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde Tomas Baha, guramanyň başlygy wezipesinde işlemek möhleti gutarandan soň, ömürlik "hormatly prezident" derejesini bermek kararyna geldi. Bu barada...