Ýewro-2020-niň iň owadan goly saýlandy

  • 16.07.2021 08:57
  • 13k+

UEFA-nyň web sahypasynda futbol boýunça Ýewro-2020 ýaryşynyň iň gowy goly üçin janköýerleriň ses berlişigi tamamlandy. Tomaşaçylar çehiýaly hüjümçi Patrik Şikiň "D" toparçanyň oýnunda Şotlandiýa (2:0) garşy geçiren goluny ýaryşyň iň owadan goly diýip saýladylar. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Şotlandlar bilen oýunda 25 ýaşly Şik garşydaşyň derwezesine meýdançanyň merkezinden gol geçirmegi başardy.
Ýaryşyň iň owadan goly diýen ada Kewin De Bruýnyň (Belgiýa) - Daniýanyň, Pol Pogbanyň (Fransiýa) - Şweýsariýanyň, Mikkel Damsgoryň (Daniýa) - Angliýanyň, Alwaro Moratanyň (Ispaniýa) - Italiýanyň, Federiko Kiezanyň (Italiýa) - Ispaniýanyň, Andriý Ýarmolenkonyň (Ukraina) - Niderlandlaryň, Luka Modriçiň (Horwatiýa) - Şotlandiýanyň, Lorenzo Insinýeniň ( Italiýa) - Belgiýanyň, Kriştianu Ronaldunyň (Portugaliýa) - Wengriýanyň derwezesine geçiren gollary dalaşgärlik etdi.
Ýewro-2020 ýaryşy 11-nji iýulda tamamlandy. Finalda Italiýanyň milli ýygyndysy Angliýany penaltiler seriýasynda ýeňdi (1:1, 3:2).


düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......