Konor Makgregor 2022-nji ýyla çenli söweşlerden çetleşdirildi

  • 15.07.2021 11:14
  • 34k+

Ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony Dastin Porýe bilen bolan tutluşykda aýagyny döwdüren UFC-niň iki agram derejesindäki öňki çempiony,  irlandiýaly Konor Makgregor 2022-nji ýyla çenli söweşlerden çetleşdirildi. Muny sport habarçysy El Douson özüniň resmi Twitter sahypasynda mälim etdi diýip, championat.com habar berdi.

Makgregor bilen Porýe 11-nji iýul gijesi UFC 264-iň çäginde duşuşdylar. Söweş wagtyndan ir tamamlandy: Konor aýagyny döwdürdi we Dastin ýeňiji diýlip yglan edildi.
Bu söweş Konor Makgregor bilen Dastin Porýeniň arasyndaky üçünji tutluşyk boldy. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ilkinji söweşde irlandiýaly söweşiji Porýeni birinji raundda nokaut edipdi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen ikinji söweşde bolsa Dastin ikinji raundda Konory nokaut edip, aryny aldy.


düýn 17:46
10k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
12k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......