WhoScored Ýewropa çempionatynyň simwoliki ýygyndysyny hödürledi

  • 13.07.2021 16:00
  • 14k+

WhoScored statistika portaly Londonda final oýny bilen tamamlanan Ýewropa çempionatynyň simwoliki ýygyndysyny düzdi diýip, bobsoccer.ru belleýär. Final oýnunda Italiýanyň hem-de Angliýanyň ýygyndy toparlary ýeňijini esasy we goşmaça wagtda-da kesgitläp bilmediler. Netijede, penalti seriýasynda italýanlar üstün çykdy.

Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donnarumma, garaşylyşy ýaly, Ýewro-2020 toparyna girdi. Ol turniriň iň gowy oýunçysy hem bolupdy. WhoScored ÝÇ-2020-niň jemi boýunça Donnarumma 7.0 bahany berdi. Simwoliki topardaky oýunçylaryň arasynda iň ýokary bahany Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa) aldy – 7.9. Portugaliýa Belgiýadan utulyp (0-1), 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan gitdi. Ronaldu bäş gol geçirdi.
Italiýanyň milli ýygyndysyndan Donnarumadan başga-da, simwoliki topara Marko Werratti we Leonardo Bonuççi girdi. Angliýadan bolsa Garri Maguaýr we Lýuk Şou bar.
Sanalyp geçilen oýunçylardan başga, simwoliki topara şular hem goşuldy: Wladimir Soufal (Çehiýa), Toma Menýe (Belgiýa), Pol Pogba (Fransiýa), Emil Forsberg (Şwesiýa), Patrik Şik (Çehiýa).


düýn 18:20
3.3k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.6k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......