Gündogar Antarktidadaky iri köl ýok boldy

  • 09.07.2021 12:44
  • 14k+

Gündogar Antarktidadaky Emeri şelf buzlugynyň üstünde ýerleşýän iri köl ýok boldy. Naked Science ýok bolan köli Uly köller ulgamynyň dördünji köli bilen deňeşdirýär. ferra.ru-nyň ýazmagyna görä, Emeri buzlugyndaky tebigy suw howdany özi bilen Eri kölüniň suwundan-da köp suwy alyp gidipdir. Onuň göwrümi 600-750 million kub metre barabardy.

Alymlar buzlukda jaýryk döräp, şol sebäpli kölüň derrew okeana siňip gidendigini çaklaýarlar. ICESat-2 enjamynyň emeli hemra arkaly düşüren suratlary şeýle diýmäge esas berýär. Bu hadysa 2019-njy ýylyň iýun aýynda bolup geçipdir. Indi kölüň ýerinde krateri ýatladýan çukur ýerleşýär. Onuň uzynlygy 11 inedördül kilometre golaý. Alymlar kölüň ýitip gitmeginiň sebäbini entek doly anyk bilmeýärler. Bu hadysanyň howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglanyşykly däl bolmagy-da mümkin.


22.04.2026 01:04
8.1k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

07.12.2024 12:13
15k+

Arktikanyň buzlary 2027-nji ýyla çenli doly eräp biler

Alymlar ýene üç ýyldan Arktikanyň deňiz buzunyň eräp gutaryp biljekdigini aýdýarlar. Geteborg uniwersitetiniň barlagçylaryna salgylanýan Daily Mail neşiri bu howa bilen bagly  çynlakaý netijelere getirer diýip...

09.06.2021 21:08
14k+

Arktikada buzlaryň örän çalt ereýändigi ýüze çykaryldy

Norwegiýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň alymlaryndan düzülen halkara topar Arktikada deňiz buzlarynyň ozal hasaplananyndan iki esse çalt ereýändigini ýüze çykardy. «The Cryosphere» žurnalynda çap...

düýn 11:37
3.4k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....