Messi – “Altyn topa” esasy dalaşgär

  • 08.07.2021 21:07
  • 11k+

Meşhur “Goal” neşiri 2021-nji ýylyň jemi boýunça “Altyn topa” dalaşgärleriň sanawyny neşir etdi diýip, vprognoze.ru habar berýär. Bu sanawda birinji orny “Barselonanyň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Sanawyň öňki wersiýasynda ol bäşinji orny eýeläpdi. Ikinji orunda “Bawariýanyň” nemes hüjümçisi Robert Lewandowski ýerleşdi. Üçlügi “Çelsiniň” we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň goragçysy Ngolo Kante jemleýär.

Top-5-e Romelu Lukaku (“Inter”) we Kilian Mbappe (“PSŽ”) hem girdi. “Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu sanawda ýedinji orny eýeledi. 
Ýatlap geçsek, Ispaniýanyň çempionatynyň geçen möwsüminiň jemi boýunça Messi 35 oýna gatnaşyp, 30 goly we 5 netijeli geçirimi öz hasabyna ýazdy. Şeýle-de, onuň hasabynda Çempionlar ligasynyň 6 oýnunda 5 goly bar.
Häzirki wagtda Messi Amerikanyň Kubogynda Argentinanyň milli ýygyndysynda oýnaýar. Ýaryşda ol 5 oýunda 4 gol geçirdi we 4 netijeli geçirim etdi. Ýaryşyň ýarym finalynda Argentinanyň milli ýygyndysy Kolumbiýa bilen duşuşar.
Ýatlap geçsek, Messiniň “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlandy we ol häzir erkin agentdir.


düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:46
6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......