Ýewro-2020: Angliýa finalda Italiýa bilen duşuşar

  • 08.07.2021 11:09
  • 5.7k+

Ýewropa çempionaty - 2020-niň ýarym final duşuşygynda Angliýanyň milli ýygyndysy Daniýadan üstün çykdy. Londondaky «Uembli» stadionynda geçirilen oýun iňlisleriň goşmaça wagtda (2:1) ýeňmegi bilen tamamlandy.

Oýnuň 30-njy minudynda Daniýanyň ýarymgoragçysy Mikkel Damsgor jerime urgusyndan hasaby açdy. 9 minut soňra iňlisleriň hüjüminiň netijesinde Daniýanyň goragçysy Simon Kýer topy öz derwezesine gönükdirdi. Oýnuň goşmaça wagtynda emin Danni Makkeli Daniýanyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Harri Keýn 11 metrlik urgusyny birbada dürs ýerine ýetirip bilmese-de, ikinji urgusyndan topy derwezä gönükdirdi.
Şeýlelikde, Angliýanyň milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatynyň finalyna çykmagy başardy. Finalda iňlisler Ispaniýany ýeňen Italiýa bilen duşuşarlar.


şu gün 14:35
1.2k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......