Telewizora seredilende iýmek üçin haýsy iýmit peýdaly?

  • 07.07.2021 03:08
  • 6.7k+

Köp adamlarda telewizora seredýän wagty nämedir bir zatlar iýmek endigi bar. Şu ýagdaýda haýsy iýmitiň peýdalydygyny lukman-dietolog, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Alekseý Kowalkow «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda aýdyp geçdi. Lukmanyň maslahatlaryny ria.ru saýty paýlaşýar.

         Lukman, ilki bilen, filmlerdir telegepleşiklere tomaşa edilende iýmit iýmek endiginiň aşa köp iýmek hadysasyna getirip biljekdigini ýatlatdy. Çünki adamlar şol wagt nähili zatlary, aýratyn-da, peýdaly däl zatlary iýýändigine üns bermeýärler.  

 

 

         Kowalkowyň pikiriçe, durmuşda iýmek bir aýratyn, telewizor hem aýratyn lezzet bolmaly. Ýöne şu düşünjeleri aýratynlaşdyrmak başartmaýan bolsa, onda telewizoryň öňünde iýip-içmegiň zyýanyny azaltmaga synanşyp bolar. Dietolog çeýnemek üçin käbir oňat ýollary teklip etdi. Meselem, özüňe bulgar burçundan peýdaly çipsileri taýýarlap bolar.

         «Men bulgar burçuny alyp, ony çipsi ýaly ýukajyk kesmegi, arassalap, dürli görnüşli huruşlaryň arasyna goşmagy maslahat berýärin. Ol çipsi ýaly ses eder, agzyňda bolsa burçuň özi däl-de, dürli huruşlaryň tagamy peýda bolar» diýip, Kowalkow aýdýar. Onuň sözlerine görä, şeýle iýmitden tutuş tarelka iýlende-de zyýany bolmaz, gaýtam, bedenimiz witaminleriň köp möçberdäki dozasyny kabul eder. Eger-de, bulgar burçuny iýesiňiz gelmese, beýleki gök önümleri hem alyp bolar.

         «Ýene-de pomidor, hyýar, salat ýapragy ýaly önümleri oňat garyşdyryp, telewizor görlen wagty yzygiderli iýmek bolar» diýip, dietolog maslahat berýär.

         Içgiler barada aýdylanda bolsa, adaty arassa suw ýa-da gazlandyrylan suw peýdaly bolup biler. Käwagt az kaloriýaly gazlandyrylan suwuň bir bulguryny içip bilersiňiz. Ýöne lukman terligine sykylan önümleriň şerbetinden düýbünden el çekmegi maslahat berýär. Çünki bir bulgur sykylan apelsin şerbetinde koka-kolanyň bir bulguryndakydan hem köp uglewodlar saklanýar. Haçan-da telewizor görüp, içilýän zady gözegçilikde saklap bolmaýan wagtda beýle içgileri içmek zyýanlydyr.

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....