Horlanmaga päsgelçilik berýän önümler haýsylar?

  • 07.07.2021 02:48
  • 8.5k+

Sagdyn iýmitlenme ulgamy boýunça bilermenler horlanmaga we aşa agramlylyga garşy göreşmäge päsgelçilik berýän önümleriň adyny aýtdylar. Şunlukda, hünärmenler, ilkinji nobatda, gaplanan çörek önümlerinden el çekmegi maslahat berdiler. Bu önümleriň sanawyny «Ridus» internet gazetine salgylanyp, news.day.az paýlaşýar.

Gaplanan çörek önümleriniň düzüminde olaryň ýaramlylyk möhletini uzaldýan, reňkini, tagamyny we ýumşaklygyny gowulandyrýan köp sanly goşmaça maddalar saklanýar. Şoňa görä-de, olar ýönekeý uglewodlara baý bolandygy üçin az wagtlyk dokluk duýgusyny berýär.
Hünärmenler şeýle-de düzüminde ýokary kaloriýa saklaýandygy sebäpli, dürli görnüşli gury ertirliklerden el çekmegi maslahat berýärler. Meselem, kaloriýa möçberi boýunça bir paýlyk hlopýa oňat günortanlyk edinmek bilen deňdir. Mundan başga-da, gury ertirlikler aşgazanasty demire goşmaça agram salýar. Gowusy bu önümleri miwedir hozly kaşa (şüle) bilen çalyşmak bolar.  
Artykmaç agramdan dynmak isleýän we ýönekeýje öz saglygyna seredýän adamlara iýmit normasyndan ýarymfabrikatlary hem aýyrmak gerek. Bu önümleriň ulanylmagy ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, goşundyly ýogurtlardan hem el çekmek zerur, çünki bu önüm süýji tagam hasaplanyp, ol düzüminde şekeriň we kaloriýanyň köplügi bilen tapawutlanýar. Oňa derek özbaşdak ir-iýmişlerdir miweler, hoz garylan tebigy ýogurtlary iýmek maslahat berilýär.

düýn 18:41
4.4k+

Türkmenistanda ilkinji gezek: Ýörite biznes üçin awtomatlaşdyrylan satyn alyş hyzmaty

Ýerli B2B platformasy 📈ALSAT, täjirçilik teklibini almak üçin awtomatik gabat getirmek funksiýasyny işe girizdi. Türkmen topary tarapyndan döredilen sanly hyzmat kompaniýalara satyn alyşyň täze formatyny hödürleýär: bir haryt sanawy, katalog bilen awtomatik deňeşdiriş we birnäçe sagadyň dowamynda saýlamanyň taýýarlygy barada habarnama...

25.02.2026 19:13
67k+

«Onlaýn hyzmat» arkaly TmCell, internet we beýleki hyzmatlary töläp, yzyna keşbek alyp bolýar

Täze «Onlaýn hyzmat» goşundysy arkaly ykjam telefonlarynyň, internediň we beýleki sanly hyzmatlaryň tölegini aňsatlyk bilen amala aşyryp bolýar. Mundan başga, programma balansyňy häzirki wagt tertibinde yzarlamak mümkinçiligini açýar...

20.02.2026 18:51
5.6k+

YNAM! YHLAS! ÝEŇIŞ!.. TMBIZ-de sowgatly ýaryşyň 1-nji tapgyry jemlendi

«Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, olam galyp näm boljak, olam ýetsin myrada». Halk ertekileriniň käbirleriniň soňundaky bu jümleler köplere tanyş bolsa gerek. Ine-de, köpler üçin erteki bolup görnen, ýöne, ertekileri hakykata öwren Mega ýaryş tamamlandy...

19.02.2026 14:25
7.1k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan...