Oklenddäki haýwanat bagynda haýwanlara sanjym edilip başlandy

  • 06.07.2021 08:49
  • 5k+

ABŞ-nyň Demirgazyk Kaliforniýa ştatynyň Oklend şäherindäki haýwanat bagynda haýwanlara koronawirusa garşy sanjym edip başladylar. Bu barada guramanyň internet saýtynda habar berilýär. Ony lenta.ru paýlaşdy.

Ilkinji sanjymlar kesel ýokaşmak howpy ýokary bolan jandarlara, ýagny gaplaňlara, gara we çal aýylara, dag ýolbarslaryna, horýoklara ediler. Olar eýýäm iki gezeklik sanjymyň birinji dozasyny kabul etdiler. Soňra weterinarlar maýmynlara, ýarganatlara we doňuzlara sanjym etmäge girişerler.

«Biz häzire çenli COVID-19-a has duýgur jandarlarymyzyň howpsuzlygy üçin howpsuz aralygy saklamak bilen, işgärlerimiziň geýen ýokary hilli şahsy gorag serişdeleri bilen birlikde, jemgyýetçilik päsgelçiliklerini ulandyk. Bu sanjymyň kömegi bilen indi öz haýwanlarymyzy has oňat gorap biljekdigimiz üçin biz begenýäris» diýip, Oklend haýwanat bagynyň weterinar gullugynyň wise-prezidenti, doktor Aleks German aýdýar. 

Sanjymlar Zoetis kompaniýasy tarapyndan öndürilip, ABŞ-nyň haýwanat baglarynyň onlarçasyna haýyr-sahawat hökmünde berildi. Barlagçylar topary pişikler, itlerdir öý guşlary we iri şahly mallar üçin koronawirusa garşy beýleki sanjymlary işläp taýýarlamak üçin köpýyllyk tejribeden peýdalandylar. Bu sanjymlar ýörite haýwanlar üçin işlenip taýýarlanyldy.


24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.9k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...