Ýewro-2020: Italiýa Belgiýadan üstün çykdy

  • 03.07.2021 02:57
  • 7.1k+

Ýewropa çempionaty — 2020-niň 1/4 final tapgyrynda Belgiýa bilen Italiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda duşuşyk Mýunhendäki «Alýans-Arena» stadionynda geçirilip, italýanlaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykda gollaryň ählisi oýnuň birinji ýarymynda geçirildi. 31-nji minutda Italiýanyň ýarymgoragçysy Nikolo Barella hasaby hasaby açdy. 44-nji minutda Lorenso Insinýe italýanlaryň artykmaçlygyny artdyrdy. Birinji ýarymyň ahyrky pursatlarynda belgiýalylar 11 metrlik jerime urgusyny gazandylar. Romelu Lukaku bu urgyny dürs ýerine ýetirdi.
Şeýlelikde Italiýa ýaryşyň ýarym finalyna çykdy.
Ýewro-2020-niň ýarym finalynda Roberto Mançininiň şägirtleri Şweýsariýadan üstün çykan Ispaniýa bilen duşuşarlar.
3-nji iýulda çärýek final tapgyryndan Çehiýa - Daniýa we Ukraina - Angliýa duşuşyklary geçiriler.


düýn 22:47
4.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
8.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.3k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......