TikTok kämillik ýaşyna ýetmedik 7 milliondan gowrak çaganyň akkauntynyň ýapylandygyny habar berdi

  • 02.07.2021 20:23
  • 19k+

TikTok sosial ulgamy şu ýylyň birinji çärýeginde 7 milliondan gowrak çaga akkauntynyň ýapylandygyny, sebäbi olaryň 13 ýaşa çenli çagalara degişli bolup biljekdigini habar berdi diýip, www.belta.by belleýär.

TikTok-yň maglumatlary boýunça, umumy alanyňda, birinji çärýekde dürli düzgün bozmalar üçin 11,2 mln töweregi akkaunt ýok edildi, bu wideo hyzmatyndaky ähli akkauntlaryň 1%-den azdyr. Şeýle-de, çärýekde dürli düzgün bozmalar üçin tas 62 mln wideo aýryldy.
Öň, ABŞ-da TikTok-yň gündelik ulanyjylarynyň, takmynan, üçden biriniň 14 ýaşa çenli çagalardygy habar berildi. 13 ýaşa çenli çagalar ýa-da özüniň ýaşyny görkezmeýän ulanyjylar tarapyndan ýerleşdirilýän wideolar sosial ulgamyň administrasiýasy tarapyndan bozulýar.
Sosial ulgamyň amerikan bölegini dolandyryjy kompaniýa ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan 2019-njy ýylda internetde çagalar baradaky maglumatlaryň gizlinligini goramak hakynda kanuny bozandygy üçin 5,7 mln dollar jerime salnandan soň, bu düzgüniň berjaý edilişine berk gözegçilik edip başlady.
Ýanwar aýynda TikTok ýetginjekleri goramaga gönükdirilen täze düzgüni işe girizdi: 16 ýaşdan kiçi ähli ulanyjylaryň akkauntlary şahsy boldy, olarda diňe tassyklanan abunaçylar wideo görüp, teswir galdyryp bilýärler.

düýn 15:18
6k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.8k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....