Karta serediň, dünýädäki derýalar ýok bolup barýar

  • 24.06.2021 17:06
  • 26k+

Gurap barýan derýalary ähli klimat guşaklyklaryndan we ähli yklymlardan, Gimalaý daglaryndaky garly çeşmelerden hem-de Saharadaky suwlardan başlap, Hindi subkontinentindäki ini 500 metre deň bolan derýalara çenli tapmak bolýar diýip, Monrealdaky Makgill uniwersitetiniň hünärmenleri belleýärler. Gözegçileriň sözlerine görä, Ýer ýüzüniň köp sanly derýadyr çeşmeleriniň 51-den 60 göterimine çenlisi wagtyň geçmegi bilen akmagyny bes edýärler ýa-da ýylyň belli bir wagtynda guraýarlar. Alymlaryň bu baradaky garaýyşlaryny hi-tech.mail.ru saýty paýlaşdy.

Wagtlaýyn derýalar, esasan, ýagyş-ýagmyrdan bugarmak hadysasy has köp duşýan gurak sebitlerde duş gelýär. Ýöne olar tropik klimatda-da, hatda käwagtlar derýalaryň doňýan ýeri bolan Arktikada-da bar.
Alymlar ýok bolup barýan derýalaryň ilkinji özboluşly kartasyny döretdiler. Olar bu kartanyň derýalaryň akymynda ýüze çykýan üýtgeşmelere, şeýle-de derýadyr çeşmeleriň planetamyzyň biologik köpdürlüligini saklamaga näderejede ýardam berýändigine gözegçilik etmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.
Hatda dünýäniň iň uzyn derýasy bolan Niliň hem belli bir wagtdan bäri akmasyny bes eden bölekleri bar. Alymlar bu ýagdaýyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny, geljekde onuň has-da ýaramazlaşjakdygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, dowamly ýagdaýda howanyň ählumumy üýtgemegini we ýerleriň ulanylyşyny göz öňünde tutsak, ýakyn onýyllykda ählumumy derýa toparlarynyň has köp bölegi möwsümleýin akymyny bes eder. Şeýle üýtgeşmeler diňe bir derýalarda däl, eýsem, köllerde hem duş gelýär.


24.03.2026 07:08
4k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.7k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...