Zenanlaryň arasynda awtoulaglaryň meşhur reňkleri anyklanyldy

  • 17.06.2021 22:38
  • 16k+

«Awtostat» agentligi awtoulaglaryň reňklerinde zenanlar bilen erkekleriň haýsy reňke isleg bildirýändigine bagyşlanan pikir soraşmalaryň  netijesini mälim etdi. Oňa respondentleriň 7,5 müňden gowragy gatnaşdy. Bu barada auto.mail.ru habar berýär.

Müşderiler täze awtoulaglary satyn alanlarynda, zenan ýa-da erkekdigine garamazdan, esasan, ak, gara we kümüşsow reňkleri saýlaýarlar. Sorag edilýän erkekleriň 26,6 göterimi hem-de zenanlaryň 24,3 göterimi ak reňke ses berdiler. Gara reňki zenanlaryň 16,6 göterimi, erkekleriň bolsa 21 göterimi saýlady. 15,9 göterim zenanlar we 12,7 göterim erkekler kümüşsow reňke isleg bildirdiler. Munuň özi zenanlarda bu reňke islegiň ýokarydygyny görkezýär.
Çal we gök reňkler hem ilkinji bäşlige girdi. Bu reňkleriň ikisi-de zenanlarda deň ses gazandy — 10,7 göterim. Şeýle hem zenanlaryň we erkekleriň goňur we ýaşyl reňklere gatnaşygynyň birmeňzeşdigi ýüze çykaryldy.
Gyzyl reňki saýlamakda bolsa aratapawut has ýokary: bu reňki zenanlaryň 10,6 göterimi, erkekleriň bolsa bary-ýogy 3,6 göterimi saýlady.

düýn 14:00
1.8k+

Täze BMW i3-iň üçden bir bölegi gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlandy. Ol bir zarýadda 900 km ýol geçýär

BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar...

düýn 04:19
1.9k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

18.03.2026 15:16
2.1k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

18.03.2026 11:16
3.2k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...