Ýaponiýanyň Hökümeti Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryny geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Moteginiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.
«Rio-de-Žaneýroda, Londonda we Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýaryşlaryň guralan ýurduna döwlet Baştutanlary hem geldiler. Biz kesel ýokuşmazlygynyň iň ýokary derejesinde guraljak Tokio Olimpiadasyna hem daşary ýurtlaryň käbiriniň Liderleriniň gelmekligine garaşýarys. Edil häzir biz ýokary derejeli duşuşyklary nähili ýagdaýda geçirip boljakdygyny öwrenýäris» diýip, Motegi aýdýar.
Ýaponiýanyň «NHK» teleýaýlymy golaýda oýunlaryň guramaçylarynyň daşary ýurt wekiliýetleriniň sanyny 12-den 40 adama çenli köpeltmek isleýändiklerini habar beripdi.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen Tokio Olimpiadasy şu ýylyň 23-nj iýuly 8-nji awgusty aralygynda geçiriler. 20-nji martda guramaçylar oýunlara daşary ýurtly janköýerleriň gatnaşdyrylmajakdygy hakynda gutarnykly karara geldiler.