Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmagyň Tertibine üýtgeşmeler giriziler

  • 12.06.2021 17:37
  • 32k+

Türkmenistanda halkara tejribeden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda gol çeken Buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmak üçin sargytnamalary bermegiň möhletlerini hem-de daşary ýurtlaryň howa gämileriniň onuň çägine gonmagynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan Tertip döwrebaplaşdyrylar we oňa degişli üýtgetmeler giriziler. Bu barada wise-premýer B.Öwezow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrmak we çägini giňeltmek, bu ulgamda edilýän hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......