Rolls-Royce-iň direktorlar geňeşine ilkinji gezek zenan ýolbaşçy saýlandy

  • 12.06.2021 16:56
  • 5.5k+

Britaniýanyň awiasiýa, deňiz gämileri we goranyş senagaty üçin hereketlendirijileri we beýleki enjamlary öndürijisi Rolls-Royce Group plc 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan täze dolandyryjy başlygyň Anita Frýu boljakdygyny mälim etdi. Rolls-Royce Group-yň müdirler geňeşine ýolbaşçylyk edýän ilkinji zenan boljak hanym Frýu häzirki wagtda bu wezipäni eýeleýän we pensiýa çykýan 70 ýaşly Ýan Dewisiň ornuny çalşyrar. Bu barada www.kommersant.ru habar berýär.

Hanym Frýu häzirki wagtda farmaseptika, öý-hojalyk himiki serişdeleri, kosmetika, ösümlikleri goramak serişdeleri ýaly dürli pudaklar üçin himiki goşundylary öndüriji Croda plc kompaniýasynyň müdirler geňeşine ýolbaşçylyk edýär. Hanym Frýu Rolls-Royce-daky wezipe borçlaryna 1-nji iýuldan girişer. 
Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çökgünlik ýagdaýy Rolls-Royce kärhanalarynda önümçiligiň birden pese gaçmagyna getirdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Rolls-Royce 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda rekord derejeli ýitgi barada habar berdi. 
Şeýle-de, kompaniýa pandemiýadan soňky döwürde awiasiýa bazaryndaky täze hakykatlara uýgunlaşmak we her ýyl £1,3 mlrd ($1,8 mlrd) tygşytlamak üçin dünýäde azyndan 9 müň iş ornuny, ýagny işgärleriň umumy sanynyň 15%-den gowragyny  azaltmagy meýilleşdirýär.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...