Kofe gözüň görüjiligi üçin zyýanlymy?

  • 11.06.2021 19:48
  • 17k+

Kofeiniň köp mukdarda sarp edilmegi genetiki taýdan gözünde gan basyşy ýokary bolan adamlarda göze suw inme keseliniň döremek howpuny üç esse ýokarlandyrýar. Maunt-Sinaý lukmançylyk merkeziniň ýanyndaky Ikan lukmançylyk mekdebiniň alymlary kofeniň gözüň görüjiligi üçin zyýanlydygyny ýüze çykardylar. «Ophthalmology» žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijeleri barada «MedicalXpress-iň» pres-relizinde aýdylýar.

Hünärmenler 120 müňden gowrak gatnaşyjynyň 2006 — 2010-njy ýyllar aralygyndaky ýygnanan ýazgylaryny seljerdiler. DNK-larynyň nusgalary görkezilen meýletinçileriň ýaşy 39 — 73 ýaş aralygynda bolup, olar her günde kofeinli içgileriň näçe mukdaryny içýändikleri, düzüminde kofein saklaýan iýmitleriň haýsy görnüşini we olary näçe möçberde ulanýandyklary barada berhiz anketalaryny doldurdylar. Gözegçiler olaryň maşgalalaryndan alnan göze suw inme keseli baradaky maglumatlary hem göz öňünde tutdular.
Üç ýyldan soňra gatnaşyjylaryň göz içindäki gan basyşyny ölçediler we gözlerini barlagdan geçirdiler. Umuman, gözüň gan basyşynyň ýa-da oňa suw inmeginiň howpunyň has ýokarlanmagy kofeiniň köp ulanylmagy bilen baglanyşykly däl eken. Muňa garamazdan, genetiki taýdan göze suw inme keseliniň alamatlary örän ýokary bolan meýletinçileriň dörtden birinde olaryň gözüniň gan basyşynyň ýa-da oňa suw inmeginiň howpunyň has ýokarlanmagynyň kofe içgisine we düzüminde kofein saklaýan önümlere bolan söýgi bilen baglydygy ýüze çykaryldy. 
Hususan-da, kofeniň günde 480 milligramdan artyk (4 käse) içilmegi gözüň gan basyş derejesiniň 0,35 millimetr simap sütünine deň bolmagyny şertlendirýär. Genetiki taýdan kesellemek mümkinçiligi ýokary bolan adamlaryň günde üç käse kofe içmegi bu içgini örän az mukdarda içen ýa-da asla içmedik adamlar bilen deňeşdirilende, olarda göze suw inmek howpuny 3,9 esse ýokarlandyrdy.

18.06.2026 18:15
2.7k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......