Maý aýynda awtomobil söwdasy 134 % ýokarlandy

  • 07.06.2021 17:26
  • 25k+

2021-nji ýylyň maý aýy täze awtomobilleriň söwdasynyň 133,8 göterime çenli ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Munuň özi geçen ýylyň maýy bilen deňeşdirilende, 84 müň 345 sany ulagyň köp satylandygyny aňladýar. Awtomobilleriň söwdasy bir aýda 147 müň 378-e deň boldy — diýip, auto.mail.ru habar berýär.

2019-njy ýylyň maýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 6,7 göterime barabar boldy (10 müň awtomobil köp). COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda girizilen lokdauny hasaba alanyňda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň başyndan bäri döwürde ösüş depgini 38,7 göterim boldy.

«Tomus aýlarynda bütin dünýäde elektron düzüm bölekleriň ýetmezçilik etmekligi sebäpli, sargytlaryň kemelmegi mümkin. Şonuň üçin biz köp sanly önüm öndürijileriň häzirki ýokary sarp ediş islegleriniň möçberiniň peselmegine garaşýarys. Önüm öndürijilere we sarp edijilere döwlet goldawynyň bolmagy ýylyň oňyn netijeler bilen tamamlanmagyny göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär» —diýip, AEB awtomobil öndürijiler komitetiniň başlygy Tomas Ştersel aýdýar.


düýn 17:24
2.1k+

Toyota Polşanyň Wroslaw şäherinde sanly merkez açdy

Toyota Motor Europe Polşanyň Wroslaw şäherinde Ýewropadaky Toyota we Lexus awtomobilleri üçin programmalary işläp düzjek sanly merkeziň açylandygyny yglan etdi....

düýn 16:13
1.5k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:33
3.1k+

Toyota Corolla Cross krossoweri täzelener we ýangyçly hereketlendirijilerden ýüz öwrer

Toyota kompaniýasy 2028-nji ýylda ilkinji gezek görkezilmegine garaşylýan Corolla Cross krossoweriniň täze neslini işläp düzýär. Deslapky maglumatlara görä, model doly derejede gibrid hereketlendirijilerine......

21.04.2026 11:09
3.4k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......