BMW täze i4 elektrik sedanyny tanyşdyrdy

  • 06.06.2021 11:57
  • 11k+

BMW özüniň täze i4 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Ol täze bazarlary ele almakda kompaniýanyň esasy we möhüm elektrik ulagy bolar diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Kompaniýa i4 elektrikli sedanyň goşmaça aýratynlyklary, bahasy we elýeterliligi baradaky maglumatlary mälim etdi. Şeýle hem, kompaniýa geçen ýylyň ahyrynda anons eden iX kaşaň ulagynyň bahasy we goşmaça maglumatlary, şeýle hem onuň 600 at güýjüne eýe wersiýasy baradaky habarlary köpçülige ýetirdi. "Engadget"-iň habar bermegine görä, bu modelleriň ikisi hem 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde satuwa çykarylar.
i4 BMW 4 seriýasynyň elektrikleşdirilen modeli hökmünde, eDrive EV platformasynda işlemek bilen, kompaniýanyň elektrikli geljeginiň esasy daýanjy bolar. Yzky tigiri çekýän, 300 kilometre çenli aralygy üpjün edip bilýän 81,5 kWt sagatlyk batareýaly i4 eDrive40-yň bahasy 55,400 dollardan başlar. Awtoulag 337 at güýji bolan elektrikli hereketlendirijide işleýär we 5,7 sekuntda noldan 60 mil/s tizlige çykýar diýip, çeşme belleýär.

şu gün 11:17
642

Hyundai ulaglarynyň salonlarynda antibakterial yşyklandyryş peýda bolar

Hyundai wiruslary we bakteriýalary ýok etmek üçin niýetlenen salonyň ultramelewşe yşyklandyryş ulgamynyň synaglaryny tamamlady. Kompaniýa täze tehnologiýany ýolagçy orunlary köp bolan awtoulaglarda,......

şu gün 10:02
1.6k+

EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy....

düýn 15:49
1.6k+

Ford ýylyň başyndan bäri ABŞ-da 11 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrdy

2026-njy ýylyň başyndan bäri «Ford» konserni ABŞ-da jemi 11,27 milliondan gowrak awtoulaga täsir eden 50 sany yzyna çagyryş kampaniýasyny yglan etdi. Bu barada «Motor1» neşiri habar berýär....

düýn 11:32
2.8k+

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....