Ženewadaky awtosalon 2022-nji ýylda işini gaýtadan dikelder

  • 31.05.2021 19:57
  • 6.5k+

Ženewadaky iň uly awtomobil sergisi 2022-nji ýylda gaýtadan işläp başlar. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Hasap boýunça 91-nji sergi 2022-nji ýylyň 17-nji fewralyndan 27-nji fewraly aralygynda Palexpo merkezinde geçer we guramaçylar eýýäm çärä gatnaşmak isleýänleriň arzalaryna garaşýarlar. Häzirlikçe hiç bir öndüriji sergä gatnaşmak isleýändigini tassyklamady, ýöne guramaçylar bu ýagdaýyň geljek hepde üýtgejekdigine ynanýarlar.

“Tender paketleriniň iberilmegi bilen, biz resmi taýdan GIMS 2022-ni gurnamaga başlaýarys” – diýip, Ženewa sergisiniň baş direktory Sandro Meskita belledi.

Soňky gezek sergi 2019-njy ýylda geçirildi, 2020-nji ýylda bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli sergi ýatyryldy. Guramaçylar sergini 2021-nji ýylda onlaýn görnüşde geçirmekçi boldular, ýöne meýilnamany durmuşa geçirmek başartmady.

“Meniň toparym we men konsepsiýamyzy eksponentlere, soň bolsa köpçülige hödürlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz saglyk ýagdaýy we COVID-19 bilen bagly syýasat düzgünleri bize muny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýäris” – diýip, Meskita sözüniň üstüni ýetirdi.

şu gün 07:27
602

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

düýn 23:24
1.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
751

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......