«Çelsi» taryhda ikinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy

  • 30.05.2021 08:59
  • 15k+

Londonyň "Çelsisi" ikinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Portugaliýanyň Portu şäherinde geçirilen ýaryşyň finalynda Tomas Tuheliň şägirtleri "Mançester Sitini" 1:0 hasabynda ýeňdiler.

Toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly birinji ýarymyň ahyrynda nemes ýarymgoragçysy Kaý Hawers tora girizdi. Meýson Mauntyň ajaýyp geçiriminden soň nemes oýunçysy derwezeban bilen ýekme-ýeklige çykdy we ondan hem geçip, topy boş derwezä gönükdirdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda "Çelsi" hasaby saklamak üçin netijeli oýnady.

“Siti” üçin bu taryhynda Ýewropa kubogynyň ilkinji finalydy.

Angliýanyň çempionlary bu möwsümde 25 gol geçirip we bary-ýogy 4 gol geçirdip ýewrokubok möwsümini ýokary derejede geçipdiler.

düýn 22:49
3.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
2.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
8.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.2k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....