Maýwezer bilen söweş üçin Habibe 100 million dollarlyk teklip edildi

  • 29.05.2021 22:03
  • 32k+

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň dolandyryjysy Ali Abdel-Aziz türgeniň boksçy Floýd Maýwezer bilen 100 million dollarlyk söweşden ýüz öwürendigini aýtdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

“Habib UFC-den gideninden soň oňa Floýd Maýwezer bilen söweş üçin 100 million dollar teklip edildi. 100 million dollar. Floýdden ýa-da islendik adamdan sorap bilersiňiz, ýöne Habib: “Ýok, men gitdim. Ejeme karýeramy tamamlandygymy aýtdym we oňa beren sözümde duraryn. Ejem maňa ýene söweşmeli diýse, belki söweşerin, ýöne häzir ol muny aýtmady"-diýdi. Onuň asly musulman medeniýetine degişli. Biz öz ejelerimize juda uly hormat goýýarys, enäniň razylygy bolmazdan biz jennete gidip bilmeris"-diýip, "Sportskeeda" Abdel-Aziziň sözlerini getirýär.

Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda amerikaly Jastin Getžini ýeňip, ýeňil agramda üçünji gezek çempion bolandan soň karýerasyny tamamlady. Ol umumylykda 29 söweşe çykyp, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......