Plastmassany ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

  • 29.05.2021 21:32
  • 15k+

Alymlar ulanylan plastmassalardan ýangyç öndürmegiň usulyny öwrendiler. Täze usul daşky gurşawyň ýagdaýyny ep-esli gowulaşdyrmaga, geljekde ýangyç we gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Alymlar polietileniň uglewodoroda öwrülmegi üçin amatly şertlerde birnäçe synag geçirmek kararyna geldiler. Olar ulanylan plastmassanyň 90 göterimini uçar ýangyjynyň düzümine öwürmegi başardylar. Özi-de, munuň üçin 60 minutdan köp wagt sarp edilmedi. Synag Selsiýa boýunça 220 gradus temperaturada geçirildi.
Alymlar gaýtadan işlemek prosesini plastmassadan gurluşyk pudagynda ulanyp boljak dürli zatlary, mysal üçin, çalgy materiallary üçin önümleri hem öndürip bolar ýaly tertipde ýola goýup boljakdygyny anykladylar. Olar öz synaglarynda ugleroddan we kümüşsöw-ak reňkli ruteniý metalyndan bolan katalizatory ulandylar. Mundan başga-da, şeýle synaglarda giňden ulanylýan erginler hem işjeň peýdalanyldy.

düýn 16:31
1k+

Alymlar 700°C gyzgynlykda işlemäge ukyply çip döretdiler

Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň inženerleri 700 dereje gyzgynlyga çenli bökdençsiz işlemäge ukyply elektron enjamyny işläp düzdüler. Bu täsin açyş baradaky makala Science žurnalynda çap edildi....

21.04.2026 22:51
3.3k+

Bir sagatda 23 ýyldyz: ertir gije iň işjeň meteor ýagyşynyň tomaşasy bolar

Ýakyn gijelerde Lirid meteor ýagyşynyň işjeňlik nokady ýetip gelýär. Bu asman şüweleňi 30-njy aprele çenli dowam eder, ýöne iň ýokary nokada 22-nji aprelden 23-nji aprele geçilýän gijede garaşylýar....

21.04.2026 16:43
2.4k+

«Ylmy Oskar»: Körlüge garşy gen terapiýasyny döredijiler $3 mln möçberinde baýraga mynasyp boldy

Molekulýar biolog Jin Bennet, oftalmolog Albert Maguaýr we lukman, professor Ketrin Haý nesilden-nesle geçýän körlügi bejermekde ulanylýan we ABŞ-da ilkinji tassyklanan gen terapiýasyny işläp düzendikleri......

21.04.2026 15:36
6k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......