Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik

  • 30.05.2021 05:43
  • 10k+
Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik

Türkmen halysy — türkmen halkynyň milli medeniýetiniň bir bölegidir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Arşyň nepisligi» atly kitabynda türkmeniň halysy bilen tebigatynyň sazlaşygyny «Türkmen halysy — türkmeniň tebigata bolan badaşygynyň nusgasy. Türkmen halysy – türkmeniň äleme bolan soňsuz tagzymynyň beýanydyr. Türkmen halysy onuň köňlüniň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna guýandyr» diýip, beýan edýär. Dogrudan-da, türkmen halylarynda nagyşlar arkaly daşky gurşaw, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy umumylaşdyrylyp, nepislik bilen beýan edilýär. Eger nagyşlary içgin synlasaň, olarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanşyp, şol halyny dokan dokmaçynyň daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň neneňsidigini bilip bolýar. Galyberse-de, türkmen halysynda göllerdir, nagyşlar  arkaly, mertlik, gahrymançylyk, ata Watana wepalylyk ýaly düşünjeler beýan edilýär.

Şonuň üçin, türkmen halysy dünýä ýüzüniň alymlarydyr syýahatçylaryny, sungatşynaslaryny hem içgin gyzyklandyrypdyr. Daşary ýurt alymlary türkmen halylarynyň gadymylygy, onuň taryhy kökleri barada öz pikirini aýtsa, ýene biri onuň gözüňi aýryp bolmaýan owadanlygy, inçeligi, nepisligi hakynda, beýleki biri nagyşlarynyň sazlaşygy dogrusynda, ýene  biri reňkleriniň öwüşgünleri barada ýörite belläp geçýärler. XI asyryň arap jahankeşdesi Al-Istahri: «Türkmen halylary özüniň haýran ediji gözelliginden başga-da, öýe gyşyna ýylylyk, tomsuna bolsa täsin salkynlyk berýär» diýip, bellemek bilen bu sungat önüminiň bimöçber uly ähmiýete eýedigini jaýdar nygtaýar. XIII asyrda wenesiýaly syýahatçy Marko Polo «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, ýene gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar, bu ýerde bulardan başga-da köp zatlar öndürilýär» diýip ýazypdyr.
Arheologlaryň we etnograflaryň bellemegine görä, türkmen halylaryna salynýan nagyşlar biziň eýýamyzdan öňki V-IV müňýyllyklarda Günorta Türkmenistanyň ýerlerinde dörän we ösen ekerançylyk merkezleri bolan Änew medeniýetinden, Namazgadepe ýadygärliginden we Göksüýri oazisinden tapylan küýze önümlerindäki nagyşlar bilen gabat gelýär. Mis-daş asyrynyň küýze önümleri esasan, üçburçlyk, sekizburçluk, tegelek, dörtburçluk, tolkun, nokat, gözenek nagyşlar bilen bezelipdir. Şol döwrüň nagyşly küýze önümlerinde geometrik şekillere, tebigat bilen bagly şekillere gabat gelmek bolýar. Edil şonuň ýaly türkmen haly sungaty özüniň nagyş aýratynlyklary boýunça-da birnäçe toparlara, ýagny  geometrik çyzykly we tebigat nagyşlaryna bölünýär:

  • Geometrik çyzykly nagyşlar: Amaly-haşam sungatynda ulanylan geometrik nagyşlaryň iň ýönekeýi - nokatdyr. Rus alymy A.I.Krawçenko: “Geometrik çyzykly nagyşlar ilkidurmuş jemgyýeti zamanynda sungatyň bir bölegi bolup, wagtyň geçmegi bilen onuň ýerine abstrakt çyzykly nagyşlar döreýär...” diýip belleýär. Göräýmäge nokatlar nusga hiç hili dahyly ýok ýaly bolsa-da, köp nokatlar belli bir şekili, nagşy düzüp bilýär (küýze önümlerindäki gülleriň köpüsi nokatlardan ybaratdyr). Ikinjiden, çyzyk ýa-da tolkun görnüşli çyzyklar. Olar akyp barýan suwy alamatlandyrýar. Bulardan başga-da, üçburçluklar (“gazaýak”, “üçaýak” nagyşlary), dörtburçluklar, sozulan dörtburçluk (“pişme” nagyşlary, altyburçluklar we sekizburçluklar) gündogar Türkmenistanyň haly gölleriniň daşky çyzyklary (“Çarhy-pelek”, “harran beşir” nagyşlary), haç şekilli, “sekizkeşde”, “sekizgoçak” nagyşlarynda  çyzyklar bardyr.
  • Tebigat bilen baglanyşykly nagyşlar: Türkmeniň halyçylyk sungatynyň  özeni janly tebigatdyr. Ondan alnan şekillere suw tolkunlarynyň, asman ýagtylgyçlary bolan Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň şekili: “güneş” göli, “Çarhypelek”, “bäş aý beşir”;
  • ösümlik dünýäsi bilen bagly: “ýaprak beşir”, “dargat”, “gowaça”, “çybyk”, “meýdan gül”, “gül ýaýdy”, “bossany”;
  • guşlar, haýwanlar bilen bagly: “goşaguş”, “ýylan beşir”, “ýetimguş”, “balyk garyn”, “tazy guýruk”, “pyşbaga”, “gurbaga”, “guşdyrnak”, “gazaýak”, “guşgözi”, “syçan guyruk”, “içýanagzy” nagyşlary (rus alymy  N.P.Besçastnow hem öz işinde guşlaryň, haýwanlaryň şekilleriniň küýze önümlerinde taryhyň irki döwürlerinde suratlandyrylandygyny belleýär); 
  • ýaşaýyş-durmuş esbaplary bilen bagly: “çemçegöl”, “çakmakgöl”, “aýnagöl”, “derwezegöl”, “kejebegöl”, “labyrgöl”, “asykgöl”, “gabsagöl”, “çaňňa”, “dagdan”, “aýnagoçak”, “aşyk”, “päkibaş” nagyşlary girýär.

Şu getirilen mysallardan çen tutsaň, onda mis-daş asyrynyň küýze önümlerindäki nagyşlar bilen, türkmen haly nagyşlarynyň arasynda berk baglanşygynyň bardygyny görmek bolýar.
Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, taryhyň dürli döwürlerinde özüniň gözelligini, nepisligini, sazlaşygyny ýitirmän, nesilden – nesile geçip gelipdir. Bu günki gün türkmen halylary özüniň köp öwüşgünli, owadan nagyşlary bilen agzybir ojaklaryň, ajaýyp toýlaryň, gözel binalaryň bezegi  bolup durýar.


19.08.2024 14:18
3.4k+

Türkmenistan Hytaýda haryt ýarmarkasynda dokma we haly önümlerini hödürledi

Türkmenistan 16-20-nji awgust aralygynda HHR-de Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde geçirilýän "Kaşgar - Merkezi we Günorta Aziýa" Hytaý haryt ýarmarkasyna gatnaşýar. Türkmen diwarlygynda dokma we haly önümleri hödürlenildi...

27.05.2024 12:35
3.3k+

Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

26-njy maýda Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi...

27.05.2024 10:35
4.4k+

10 sany halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň...

26.05.2024 02:01
1.9k+

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler

26-­njy maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi hem­-de haly we haly önümleriniň sergisi geçiriler. ...