Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 27.05.2021 14:00
  • 11k+

Düýn, 26-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilow Aşgabada iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köptaraply döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen, iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga hem-de Ýerden muzdly peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga Goşmaça Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gol çekdiler.
Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygynda türkmen we özbek wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi örän baý mazmunly boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

18.03.2026 00:27
6.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

09.03.2026 01:34
6.6k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy...

01.02.2026 23:17
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň...

10.04.2025 11:54
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň gurluşygyna baryp gördi

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew...