26-njy maýda 12 ýyldan bir gezek bolýan Super Aýyň tutulmasy bolar

  • 25.05.2021 20:04
  • 34k+

Çarşenbe güni, 26-njy maýda Aý bilen baglanyşykly üç astronomiki hadysanyň bolmagyna garaşylýar: perigeý (orbitanyň bu nokadynda Aý bilen Ýeriň arasyndaky aralyk has gysgalýar), doly Aý we Aýyň doly tutulmagy (planetamyzyň tebigy hemrasy Ýeriň kölegesiniň konusyna girende). Bu barada tvzvezda.ru belläp geçýär.

Moskwa planetariýasynyň maglumatlaryna görä, doly Aýyň başlan pursaty Aýyň 9 sagat 22 minutda perigeý nokadyny geçmegi bilen gabat geler. Bu 26-njy maýda Ýeriň käbir sebitleriniň ýaşaýjylarynyň Super Aýy – 2021-nji ýylyň iň uly Aýyny we onuň doly tutulmasyny görüp biljekdigini aňladýar.
Koreýanyň Kýonhi uniwersitetiniň professory Ýewgeniý Zubko Aý tutulmasynyň aşgabat wagty boýunça 14:50-de başlajakdygyny aýtdy. Bir ýarym sagatdan soň ol, takmynan, 20 minut dowam etjek doly faza geçer.
Aýyň doly we bölekleýin fazalary Demirgazyk Amerikanyň günbatar kenarynda, Ýuwaş ummanynda, Indoneziýada, Awstraliýada, Aziýanyň gündogar kenarynda görner. Planetariýada Aýyň Ýeriň kölegesine doly giren wagty, tebigy hemramyzyň gyzyl, goýy gyzyl ýa-da goňur reňke eýe boljakdygy bellenildi.

düýn 07:41
8.8k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......