Tesla dünýäde iň çalt awtomobili tapgyrlaýyn öndürip başlar

  • 22.05.2021 14:27
  • 8.8k+

Elektrokarlary öndüriji Tesla kompaniýasy şu ýylyň 3-nji iýunynda Model S Plaid awtomobillerini çykaryp başlar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň Twitterdäki mikroblogynda habar berşi ýaly, bu köpçülikleýin öndürilýän dünýäde iň çalt awtomobil bolar. Bu barada tarantas.news belläp geçýär.

“Tesla Model S Plaid awtomobili 3-nji iýunda Kaliforniýadaky zawodymyzda çykarylyp başlanar. Köpçülikleýin öndürilýän iň çalt awtomobil tizligini iki sekuntdan az wagtyň içinde sagatda 97 kilometre çenli (60 mil) güýçlendirip bilýär” – diýlip, Twitterde ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Tesla Model S Plaid elektrik sedany Model S awtomobiliniň “zarýadly” görnüşi bolar. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň bu modelden ýekeje-de awtomobili öndürmändigi, ýöne geçen ýylyň üçünji çärýeginde bazara 15 275 Model S awtomobilini iberendigi bellenilýär.
Tesla Ilon Mask tarapyndan 2003-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherinde ýerleşýär. Ilkibaşda ol diňe elektromobilleriň önümçiligine ýöriteleşdirilipdi, ýöne soňrak kompaniýa gün batareýalaryny we beýleki energiýa saklaýjy ulgamlary hem döretmek bilen meşgullanyp başlady.

düýn 14:34
2.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.7k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.2k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....