Türkiýe 17-nji maýdan soň çäklendirmelerini aýryp başlar

  • 13.05.2021 17:06
  • 16k+

Türkiýäniň häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň azalýandygy sebäpli, 17-nji maýdan soň kem-kemden lokdaundan çykyp başlajakdygyny mälim etdi diýip, “Hurriyet Daily News” gazeti habar berýär. Muny tourism.interfax.ru ýetirýär.

“Pandemiýany gözegçilik astyna alyp, biz Remezan aýyndan soň epidemiýany kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak boýunça çäreleri kabul ederis. Biz bu betbagtçylykdan geçen ýylyň ahyryna çenli dynmagy meýilleşdiripdik, ýöne pandemiýanyň täze tolkunlary diňe biziň ýurdumyza däl, eýsem, bütin dünýä täsirini ýetirdi. Biz ýene çäklendiriji çäreleri kabul etmäge mejbur bolduk” – diýip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Oraza baýramynyň tamamlanmagy mynasybetli eden teleýüzlenmesinde aýtdy.

Ärdoganyň aýtmagyna görä, koronawirusa garşy göreşmek üçin ähli serişdeleri, şol sanda sanjymlary ulanmak göz öňünde tutulýar. Ol häkimiýetleriň pandemiýa sebäpli işi ejir çeken adamlaryň meselelerinden habarlydygyny we olary ýok etmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy.
Häzirki wagtda Türkiýede berk çäklendirmeler hereket edýär, oňa laýyklykda şäherara gezelençlerine çäklendirme bar, bazarlar we azyk dükanlary 10:00-dan 17:00-a çenli işleýärler we diňe zerur bolan önümleri hem-de harytlary satýarlar, restoranlar we kafeler bolsa iýmitleri diňe ýanyň bilen alyp gitmek arkaly satýarlar. Şeýle-de, ýurtda komendant sagady hereket edýär. Türkiýede syýahatçylyk maksady bilen bolýan daşary ýurtlular ony berjaý etmän bilýärler.

düýn 15:51
5.2k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.1k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....