Ýewropa ligasynyň finalynda "Mançester Ýunaýted" we "Willareal" duşuşar

  • 07.05.2021 10:22
  • 7.7k+

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” we Ispaniýanyň “Willarreal” klublary 2020/21 möwsümiň Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda oýnar.

Penşenbe güni ýarym finalyň jogap oýunlary geçirildi. “Mançester Ýunaýted” Italiýanyň “Roma” klubundan 2:3 hasabynda utuldy. Ýer eýelerinden Edin Jeko (57-nji minut), Brian Kristante (60) we Nikola Zalewski (83) tapawutlanmagy başardy. Myhmanlardan Edinson Kawani dubl etdi (39, 68). Ilkinji duşuşykda “Mançester Ýunaýted” garşydaşyny 6:2 hasabynda ýeňip, iki oýnuň jemi boýunça finala çykdy.

“Willarreal” ýarym finalda iňlislerň “Arsenaly” bilen oýnady. Ilkinji oýunda ispanlar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy, jogap duşuşyk deňme-deň tamamlandy - 0:0.

düýn 22:47
4.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
8.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.3k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......