H.Toýçyýew 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medalyny aldy

  • 30.04.2021 13:05
  • 23k+

Türkmenistanly türgen Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilograma çenli agram derejesinde 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şol çempionat Aşgabatda geçirilipdi.

Medal türkmen türgenine Daşkendiň «Özbegistan» sport toplumynda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň çäklerinde gowşuryldy. Ol bu medaly şol agram derejesinde ştangany silterläp götermek boýunça gazandy. Medalyň ozalky eýesi, özbegistanly agyr atletikaçy Rustam Jangibaýew 245 kilogram agyrlygy eýgerip bilipdi. Ýöne ol şol ýaryşda doping serişdesini ulanandygy üçin mynasyp bolan medalyndan mahrum edildi. Şeýlelikde, ol 2019-njy ýylyň 24-nji fewralyndan 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyna çenli dört ýyllyk möhlet bilen ähli ýaryşlardan çetleşdirildi.
Halkara agyr atletika federasiýasy bolsa bu agram derejesinde berlen medallary gaýtadan gözden geçirip, silterläp götermek boýunça bürünç medaly 240 kilogram netije görkezen türkmenistanly agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýewe berdi.
Mundan ozal şeýle ýagdaý zenanlaryň arasynda 45 kilograma çenli agram derejesinde hem ýüze çykyp, biziň ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempionatynyň altyn medaly gowşurylypdy.

şu gün 11:10
4.9k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
3.1k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
10k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.8k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....