BMW M 50 ýyllygy mynasybetli 1341 at güýji bolan iM2 elektrokaryny çykarar

  • 28.04.2021 09:22
  • 12k+

BMW M indiki ýyl özüniň 50 ýyllygyny belleýär. Kompaniýa munuň garaşylmadyk sowgatlardan doly ýyl boljakdygyny eýýäm mälim etdi. BMW bu wakany täze iM2 elektrik ulagyny görkezmek bilen bellär. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Kupe Project Katharina ady bilen işlenip düzülýär. Ol örän güýçli tehniki häsiýetnama eýe bolar. Model jemi 1341 at güýjüni berýän dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen işlär. 
Bu örän ýokary güýç bolup, ol modeliň 0-dan 100 km/sag çenli 2,5 sekuntda ýa-da ondan hem az wagtyň içinde bat alyp bilmegine mümkinçilik berýär. Awtomobil Nýurburgringi 7 minutdan hem az wagtyň içinde geçdi. Bu görkeziji McLaren 720S we Ferrari 488 Pista superkarlary üçin has gowy bolar.
Model barada maglumat häzirlikçe az. Onuň häzirki günde işlenip düzülen iň ýokary derejeli akkumulýator tehnologiýasy, şeýle-de häzire çenli diňe multfilmlerde görkezilýän awtomobiller üçin elýeterli bolan öwrüm pursady wektorynyň düýpgöter ösen derejesi bilen üpjün ediljekdigi barada gürrüňler bar.
Taslama işlenip düzülýär we heniz tassyklananok. Onuň çäkli tiraž bilen çykarylmagy mümkin. Model uglerod süýümli kuzow paneline, ýeňil aýna we güýçli elektrik geçirijä eýe bolar.

şu gün 17:35
1.1k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

şu gün 12:41
1.7k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

düýn 10:57
2.5k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

düýn 09:51
2.3k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....