Türkmenistanda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär

  • 26.04.2021 18:54
  • 17k+

Türkmenistanda 26-njy aprelden 2-nji maý aralygynda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň baş maksady — sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmak we  immunizasiýa sowatly garaýşy kemala getirmek bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň başlangyjy bilen 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi keselleri öňünden duýdurmak, her bir adamyň ömrüni goramak maksady bilen, ilata sanjym etmegiň ägirt uly ähmiýetine akyl ýetirmäge gönükdirilendir.

Immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän metbugat maslahatlarynyň, ugurdaş mazmunly tegelek stollaryň, tele we radio gepleşikleriň dowamynda immuno öňüni alşyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Saglyk öýlerinde immuno öňüni alşyň möhümdigi we zerurlygy barada ilaty habarly etmek boýunça maslahat beriş otaglary hem-de degişli telefon nokatlary işleýär. Öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda, çagalara sanjym etmek işleri geçirilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de degişli hünär ugurly okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda immunizasiýa meselelerine bagyşlanan ugurdaş bäsleşikler guralýar.
Türkmenistanda  immunizasiýa bilen gurşamagyň ýokary derejesi saklanylýar. Türkmenistanyň ilaty ýokanç kesellerden goramak ugrunda sanjymlar tölegsiz esasda amala aşyrylýan ilkinji we ýeke-täk ýurt bolup durýandygyny bellemek gerek.
Immuno öňüni alyş we olara ilatyň işjeň gatnaşmagy boýunça çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de arassaçylyk we epidemiýa garşy toplumlaýyn çäreleriň güýçlendirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň çäklerinde poliomielit, gökbogma, täjihoraz, bürmek, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi ýa-da seýrek ýagdaýlar görnüşinde bellige alynýar.
Şeýle hem 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzda ýiti ysmaz poliomielitiň bellige alynmaýandygyny, 2002-nji ýylda bolsa BSGG-nyň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomielitden azat ýurt hökmünde şahadatnamanyň gowşurylandygyny ýatlap geçmek gerek.
2019-njy ýyldan başlap, öňüni alyş sanjymlarynyň tertipnamasy keselleriň 14-sine garşy sanjymlary geçirmegi göz öňünde tutýar hem-de ýene-de 3 sany, ýagny pnewmokokk ýokanjyna, rotawirus ýokanjyna, ýokançly sary getirmäniň A görnüşine garşy täze sanjymlar girizildi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......