Türkmenistan boýunça şu hepdäniň howa maglumaty

  • 26.04.2021 11:28
  • 25k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +33... +38 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara  ugruny üýtgedýän,  tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +17… +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradus maýyldan +33...+38 gradus aralygynda yssy bolar. 
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+33 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara  ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar. 
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +18 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +28 gradus maýyldan +35... +37 gradus aralygynda yssy bolar.

şu gün 14:57
502

«Birligiň» işläp başlanyna ýaňy 1 aý bolsa-da, ol eýýäm bazary üýtgedýär

«Birlik» platformasynyň işe girizilenine bary-ýogy bir aý wagt geçdi, ýöne ol eýýäm ýurdumyzdaky müňlerçe harytlaryň dolanşygyny bir ýere jemlemegi başardy....

düýn 13:59
6.3k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: 40°С çenli yssy, ýöne ýagyşly

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

26.06.2026 14:55
2.2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.8k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....