Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy

  • 18.04.2021 23:54
  • 110k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.
Onuň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.
Ol 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde gulluk edýär.
1956-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Babarap obasynda mekdepde işleýär. 1958-nji ýylyň iýun aýyndan 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler ministrliginde dürli wezipelerde gulluk edýär.
Toplanan tejribe oňa öz işini dürs guramaga, IIM-niň bölümleriniň şahsy düzümleriniň arasynda syýasy-terbiýeçilik, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge, işgärleriň tertibini we jogapkärçiligini pugtalandyrmak işine goldaw bermäge ýardam edýär. Ol bu işleri gulluk borjy hökmünde däl-de, eýsem jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda ýerine ýetirýär.
Mälikguly Berdimuhamedow IIM-niň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işleýär.
1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykansoň, ol köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekýär. Häzirki Milli bilim institutynda, Pedagogik ylymlaryň ylmy-barlag institutynda, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginde we beýleki ugurlarda zähmet çekip, örän döredijilikli we kesgitlenen wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýän işgär hökmünde ykrar edildi.
2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

TmCars şu agyr pursatda Mälikguly Berdimuhamedowyň ýakynlaryna gynanç hem medet beriji sözlerini ýetirýär. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!

düýn 20:28
4.6k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
6.3k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
6.7k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......

29.05.2026 23:56
6.3k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....