Konor Makgregoryň Dastin Porýe bilen üçünji söweşi resmi taýdan tassyklandy

  • 17.04.2021 07:22
  • 26k+

Konor Makgregor bilen Dastin Porýe 2021-nji ýylyň 10-njy iýulynda Las Wegasdaky «T-Mobile Arena-da» geçiriljek UFC 264 turnirinde üçünji gezek söweşerler. 20 müň tomaşaçynyň öňünde geçiriljek söweş UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt tarapyndan tassyklandy, anons bolsa UFC-niň resmi Twitterinde ýerleşdirildi diýip, sm.news habar berýär.

Makgregor bilen Porýe birinji gezek 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda UFC 178 turnirinde duşuşdylar. Konor birinji raundda Dastini ýeňdi. Şu ýylyň ýanwarynda olar rewanş duşuşygyny geçirdiler we Porýe ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazandy. 
Söweşden soň Makgregor bilen Porýe hasabyň 1:1-digi üçin ýene duşuşjakdyklaryny aýtdylar. Porýe Makgregor bilen duşuşmak üçin hatda ýeňil agramda titul söweşinden hem ýüz öwürdi.
Ýatlap geçsek, geçen dynç güni sosial ulgamda söweşijileriň arasynda Makgregoryň Porýeniň haýyr-sahawat gaznasyna pul bagyş etmegi bilen bagly dawa ýüze çykdy. Makgregor Porýeniň gaznasyna 500 müň dollar bermegi wada beripdi, ýöne häzire çenli muny amal etmedi.
Soň Makgregor söweşiň ýatyrylandygyny habar berdi we oktagonda başga biri bilen duşuşjakdygyny aýtdy. Porýe «Okey» diýip ýazmak bilen, onuň gelen netijesini kabul edýändigini belledi.

düýn 22:55
1.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
8.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....