“Barselona” ilkinji gezek iň gymmat futbol kluby boldy

  • 15.04.2021 16:05
  • 14k+

“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gymmat 20 futbol klubunyň sanawyny hödürledi. Reýtingiň taryhynda ilkinji gezek birinji orny “Barselona” eýeledi. Bir ýyl ozal sanawyň birinji ornunda Madridiň “Realy” ýerleşipdi. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

“Barselonanyň” bahasy 4,76 milliard dollar bilen bahalandyryldy. Soňky 16 ýylda reýtingiň birinji ornuny diňe iki toparyň biri eýeläpdi. Bäş gezek bu “Real”, 11 gezek “Mançester Ýunaýted” boldy. Häzir “Real” ikinji orny eýeledi (4,75 milliard dollar). Üçlügi “Bawariýa” jemleýär (4,215 milliard dollar).
Onluga “Mançester Ýunaýted” ($4,2 mlrd), “Liwerpul” ($4,1 mlrd), “Mançester Siti” ($4 mlrd), “Çelsi” ($3,2 mlrd), “Arsenal” ($2,8 mlrd), “Pari Sen-Žermen” ($2,5 mlrd) we “Tottenhem” ($2,3 mlrd) hem girdi. Ýigrimilige Angliýanyň çempionatynyň birbada 9 kluby goşuldy. 
Klublaryň bahasy seljerilende “Forbes” 2019/2020 möwsüm üçin girdejini we operasion girdejini hasaplady. Girdejiler hasaplananda klub oýunçylaryny kärendesine bermekden gelýän girdeji göz öňünde tutulmady. Koronawirus sebäpli oýunlara gatnaşyjylaryň çäkli bolmagy bilen baglylykda klub girdejileriniň pese gaçandygyna garamazdan, ortaça baha ýokarlandy diýip, neşir belleýär. 2019-2020 möwsüminde 20 klubuň ortaça girdejisi $441 milliona barabar boldy. Bu 2017-2018 möwsümine garanyňda, 9,6% azdyr. Şol bir wagtda ortaça operasion girdeji hem 70% - $23 milliona çenli azaldy.

düýn 18:20
3.3k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.7k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.9k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......