Gurbanguly Berdimuhamedow Wýetnamyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 07.04.2021 00:17
  • 9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmen Lideri Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Milli ýygnagy (bir palataly parlament) duşenbe güni Nguen Suan Fuky ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady. Parlamentiň barlag komissiýasynyň habar berşi ýaly, 2016-njy ýyldan bäri ýurduň premýer-ministri wezipesinde işlän, 67 ýaşly Nguen Suan Fuka Milli ýygnagyň deputatlarynyň 97,5%-i ses berdi.

düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......