Kompýuterler howanyň hilini çaklap başladylar

  • 05.04.2021 23:54
  • 22k+

Amerikaly alymlar howanyň hilini çaklamak üçin emeli intellektden peýdalanyp başladylar. Bu barada lampon.ru habar berdi.

Çeşmelere görä, hemra we ýerüsti stansiýalara garanyňda, bu meseleden kompýuterler has gowy baş alyp çykarýarlar.
Barlagyň çäginde hünärmenler howanyň hilini has takyk seljermek üçin kompýuter modelirlemesini ulandylar.

“Howanyň hili şäher ýerlerinde adamlaryň durmuşyna täsir edýän esasy meseleleriň biridir. Şeýle-de bolsa, häzirki amala aşyrylýan gözegçilikler ilatyň ejiz gatlagyna kömek edip biler derejede giňişleýin maglumat bermek üçin ýeterlik däl"-diýip, Penn ştatynyň geografiýa kafedrasynyň dosenti Manžu Ýuý aýtdy.

Hünärmenler howanyň hapalanmagyny hemra we ýerüsti gözegçilikler arkaly ölçäp bolýandygyna garamazdan, olaryň çäklidigini bellediler. Hususan-da, emeli hemralar zyňyndylaryň tapawudyna üns bermän, her gün şol bir ýerden uçup geçip bilýärler. Ýerdäki howa stansiýalary barada aýdylanda bolsa, yzygiderli maglumat ýygnamak bilen meşgullanýan bolsalar-da, olarda muny çäkli ýerlerde edýärler.
 

şu gün 00:06
359

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

düýn 17:40
3.7k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

düýn 07:43
1.1k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....