Günorta Koreýa bilen KHDR 2032-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny bilelikde geçirmek isleýär

  • 04.04.2021 12:16
  • 10k+

Günorta Koreýanyň hökümeti Halkara Olimpiýa Komitetine (HOK) KHDR bilen bilelikde 2032-nji ýylyň tomusky Olimpiadasyny geçirmek barada ýazmaça arza iberdi. Bu barada Yonhap agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. 

Öň Seul bilen Phenýan 2032-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny bilelikde geçirmek niýetlerini HOK-a resmi taýdan habar bermek barada ylalaşdylar. Fewral aýynda HOK-nyň ýerine ýetiriji komiteti Awstraliýanyň Brisben şäherini 2032-nji ýylyň Oýunlaryny geçirmek üçin esasy dalaşgär hökmünde tassyklady. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýa-da 2022-nji ýylda HOK-nyň sessiýasynda kabul ediler.

«HOK Brisbeni 2032-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin ileri tutulýan ýer hökmünde saýlady, bu fewral aýynda yglan edilen garaşylmadyk ädim boldy. Günorta Koreýanyň hökümeti we Seul şäheri bu karara gynanjyny bildirip, HOK bilen maslahat geçirdiler, şonuň netijesinde biz bilelikde isleg bildirmek kararyna geldik» – diýlip, Seul hökümetiniň beýannamasynda aýdylýar.

Hökümet HOK-ny beýleki dalaşgärler bilen gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdy, sebäbi Brisben 2032-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde heniz tassyklanmady.
Geljek tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçer. 2024-nji ýylyň tomusky Oýunlary Parižde, 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriler.

şu gün 01:00
337

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
730

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....